Goldaw Alyň

Kömek gerekmi? Tor bilen birikmek, senzuradan çykmak, onion hyzmatlaryny (onion services) ulanmak we ýygy-ýygydan soralýan soraglara jogap tapmak üçin Support Portal giriň.

Bu ýerde biziň bilen söhbet edip bilersiňiz OFTC IRC

#tor - Tor ulanmak barada sorag beriň.

#tor-dev - Tor degişli kodlamagy we aragatnaşyk düzgünleri barada gürleşip bilersiňiz. Pikirleriňize garaşýarys.

#tor-l10n - Beýleki terjimeçiler bilen habarlaşyň

#tor-meeting - Jemgyýetçilik toparlarynyň ýygnaklaryna tomaşa ediň ýa-da olara goşulyň.

#tor-project - Gurama we jemgyýetçilik bilen baglanyşykly temalar barada gürleşiň: duşuşyklar we wakalar.

#tor-relays - Tor rele işleyşi hakynda maslahatlaşyň.

#tor-south - Tor global günorta jemgyýeti bilen gürleşip bilersiňiz.

#tor-www - Web sahypalarymyzy nädip gowulaşdyrmaly barada bize aýdyň.

#tor-ux - UX degişli pikirleri maslahatlaşyň.

Bileleşige goşulyň

Sosial ulgamlarda bizi tapyň

Tor üçin meýletinçi bol

Toparlarymyz e-poçta sanawlaryny goşmak bilen açyk kanallarda hyzmatdaşlyk edýärler. Goldaw sahypamyzda jogap tapyp bilmeýän soragyňyz bar bolsa we belli bir topardan soramak isleseňiz, haýsy sanawa ýazmalydygyny sorap bilersiňiz. Bu sanawlara ýazylyp, tomaşa edip bilersiňiz :)

Bir näsazlyk barada habar beriň ýa-da pikiriňizi ýazyň.

Tor, programma üpjünçiligimizi we çeşmelerimizi gowulandyrmaga kömek etmek üçin dünýädäki ulanyjylaryň we meýletinçileriň goldawyna bil baglaýar, şonuň üçin siziň pikirleriňiz biziň üçin (we ähli Tor ulanyjylary üçin) örän gymmatlydyr.

Erbet releý (relay) hakda bize aýdyň.

Zyýanly, ýalňyş düzülen ýa-da işlemeýän relaý tapsaňyz, wiki we blog ýazgylarymyzy barlap we nädip bize habar bermelidigini öwrenip bilersiňiz.

Howpsuzlyk mesele barada habar beriň.

Taslamalarymyzyň birinde ýa-da infrastrukturamyzda howpsuzlyk meselesini tapsaňyz, [email protected] e-poçta iberiň. Poçtaňyzy şifrlemek isleseňiz, şu salgy üçin açyk OpenPGP açaryny şu ýerden alyp bilersiňiz keys.openpgp.org. Barmak yzy şu ýerde:

835B 4E04 F6F7 4211 04C4 751A 3EF9 EF99 6604 DE41

Bize goşulmak isleseňiz bug bounty programasy haýyş ýatdan çykarmaň, howpsuzlyk meselesini üçünji tarap sahypasyna habar berenimizde gözegçilik edip bilmeýän käbir töwekgelçiliklerimiz bar. Şonuň üçin gönüden-göni hasabat bermegi makul bilýäris.

Bize e-poçta iberiň

Girdeýjisiz Tor guramasy barada söwda belligi soraglary, agzalyk we utgaşdyrmak, şertnama haýyşlary we ş.m. ýaly soraglar ýa-da düşündirişler üçin: [email protected] e-poçta iberiň. Donor barada soraglar üçin [email protected] e-poçta iberip bilersiňiz.

Bize poçta iber

The Tor Project
PO Box 5
Winchester, NH 03470
USA